Sähel salym mundan öň Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň üçünji iş güni başlandy.
Şu gün forumyň çäginde guramanyň degişli düzümleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Çünki onuň ýöriteleşdirilen komissiýalary we hemişelik iş toparlary 2023-nji ýylyň dowamynda ähmiýetli işleriň birnäçesini durmuşa geçirdiler. Galyberse-de, bu ýerde geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meselelere serediler.
Ähmiýetli foruma gatnaşýanlaryň birnäçesi şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini açylyş dabarasyna gatnaşýar. Ulgamyň diýseň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek açylyş dabarasynyň demir ýol forumynyň geçirilýän günlerine gabat gelmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda ähmiýetli ädim bolar.