Русский
Habarlaşmak

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Arkadag şäherine baryp gördüler

Şu gün — Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji gününde ähmiýetli foruma gatnaşyjylaryň Arkadag şäherine gezelenji guraldy.

Myhmanlar häzirki zaman elektrobuslarynda ajaýyp şäheriň gözelliklerini synladylar. Akylly şäheriň mümkinçilikleri Watanymyzda bolýan myhmanlary haýrana goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de taýsyz tagallalary bilen bina edilen ajaýyp şäheriň binagärlik aýratynlyklary, döwrebap durmuş düzümleri demir ýol boýunça ähmiýetli foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirliginde boldular.

Binýady berk bolup, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri bolsa göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär.

Ýurdumyzda bolýan myhmanlar Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerine diýseň ýokary baha berdiler.