Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) paýtagtymyzda hyzmat ediş nokatlarynyň hereket edýändigini ýatladýar. Töleg nokatlary ertirden agşama çenli işleýär. Aşakda AŞTU-nyň saýtynda hem elýeterli bolan hyzmat ediş nokatlarynyň salgylary barada maglumat getirilýär.
- “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň binasy: 8:00-dan 20:00-a çenli. Dynç günsiz. Salgysy: A.Nyýazow şaýoly, jaý №10.
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň binasy: 9:30-dan 18:30-a çenli. Dynç günleri: şenbe, ýekşenbe. Salgysy: Arçabil şaýoly, jaý №88.
- 29-njy töleg nokady: 8.30-dan 17.30-a çenli. Dynç günleri: şenbe, ýekşenbe. Salgysy: Agzybirlik köçesi jaý №62A.
- 34-nji töleg nokady: 8:30-dan 17:30-a çenli. Dynç günleri: şenbe, ýekşenbe. Salgysy: Abadan, Ýedigen köçesi, jaý №2.
- 3-nji töleg nokady: 8:00-dan 20:00-a çenli. Dynç günsiz. Salgysy: Mir 1, Türkmenbaşy şaýoly, jaý №1.
- 14-nji töleg nokady: 9:00-dan 18:00-a çenli. Dynç günleri: duşenbe, sişenbe. Salgysy: “Altyn Asyr” Gündogar bazary, jaý №214.
- 24-nji töleg nokady: 8:30-dan 17:30-a çenli. Dynç günleri: şenbe, ýekşenbe. Salgysy: 2060-njy köçe, jaý №20 (Ostrowskiý).