Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm merkezinde ýerleşen Türkmenistan ulag-kommunikasiýa pudagynda goňşy we sebit döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Demir ýol pudagynyň işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, döwrüň ösen tejribelerini özara alyşmak hem şeýle ugurlaryň biridir. Ýakynda, 13 hünärmenden ybarat Owganystanyň Demir ýol dolandyryş edarasynyň wekiliýet topary demir ýol pudagynda özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana geldiler. Goňşy döwletiň wekiliýet topary Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde mähirli garşy alyndy.
Owganystanyň demir ýol işgärleri özleriniň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda 3 aýlyk tejribelik geçerler. Bu döwürde dostlukly döwletiň demir ýol edarasynyň hünärmenleri türkmen kärdeşleri bilen özara tejribe alşarlar. Olar 3 aýyň dowamynda demir ýolda ýük dolandyryşy, infrastruktura desgalary we beýleki tehniki ugurlarda ýurdumyzyň demir ýol hünärmenleri bilen birlikde özara bilimleri alşyp, hünär kämilligini ýokarlandyrarlar. Tejribelik sapary taraplaryň özara ylalaşygy netijesinde, owganystanly demir ýol işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar.
Türkmenistan goňşy Owganystanyň halk hojalygynyň dikeldilmegi we dünýä ykdysady giňişligine goşulmagyny yzygiderli goldap gelýär we bu babatda doganlyk goldawyny berýär. Goňşy we sebit döwletleri bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa we demir ýol düzümi döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, maddy, tehniki taýdan yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň demir ýol pudagyndaky gazanan üstünlikleri, ornaşdyran döwrebap enjamlaýyn binýady we hünärmenleriň hünär taýýarlygy owganystanly demirýolçulara özleriniň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaga özüniň goşandyny goşar.