Русский
Habarlaşmak

Hyzmatlardan il hoşal

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişlikler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän, halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu ulgama ýokary amatlylykly ulaglaryň yzygiderli satyn alnyp, halkyň hyzmatyna hödürlenmegi şäherara we şäheriçi gatnawlaryň bökdençsiz ýola goýulmagyna hem ýardam berýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň zähmet adamlary 2023-nji ýyly üstünlikli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýene-de täze üstünliklere besleýärler. Ýükleri daşamakda, ýolagçylara hyzmat etmekde we gaýry hyzmatlary amala aşyrmakda kärhanada nusga alarlyk işler guralýar.

Geçen ýylda hyzmatlaryň ähli görnüşi boýunça meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde 3143,3 million tonna ýük daşaldy. Ýolagçy gatnatmagyň tabşyrygy hem artygy bilen ýerine ýetirildi. Welaýatymyzyň çäginde 21232,20 million ýolagçy gatnadyldy. Şol sanda şäheriçi ugurlar boýunça 13090, 24 million, şäherýaka ugurlar boýunça 3089,03 million, şäherara ugurlar boýunça 1118,07 million, sargytlar boýunça 3934,86 million adam biziň ulaglarymyzdan peýdalandy. Bu görkezijiler önümçilik birleşigine gelýän buýurmalaryň esasynda kuwwatly ýük awtoulaglarynyň bökdençsiz we gurat işledilmeginiň hem-de ýolagçylara edilýän ulag hyzmatlarynyň hiliniň gowulandyrylmagynyň, mümkin bolan ilatly ýerlere täze awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň hasabyna gazanyldy. Önümçilik birleşigine degişli kärhanalarda ýük daşamakdan we ýolagçy gatnatmakdan başga hem hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýola goýulýar. Geçen ýylda ýük daşamakda önümçilik birleşigine degişli «Kamaz», «STEYR», «MMZ», «ZIL», «GAZ» kysymly awtoulaglar ulanyldy. Ýolagçy gatnatmaga bolsa, «Hyundai Super Aero City», «Iran Khodro», «PAZ-32054», «Yutong» kysymly awtobuslar, «Hyundai Elentra», «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi ulaglary işjeň çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň sebitlerindäki awtoulag kärhanalarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňelýär. Her ýylda diýen ýaly ulaglarymyzyň hem üsti ýetirilip durulýar. Bu bolsa buýurmalary ýokary hilli ýerine ýetirmäge, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär. Öz işleriniň ussady, arman-ýadaman yhlasly zähmet çekýän sürüjiler önümçilik birleşigimizde barmak basyp sanardan köp. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenlerdir işçileriň aglaba böleginiň ýaşlardygy aýratyn bellenilmäge mynasyp. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem ruhubelent gadam goýduk. Bu ýylky görkezijilerimiz hem geçen ýyldakydan kem bolmaz.