5 Aprel, 2024
Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Sanly dünýä: Ýaşlar Ösüş. Geljek» atly onlaýn-okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda «Sanly dünýä: Ýaşlar Ösüş. Geljek» atly onlaýn-okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maksatnamalary boýunça maslahata ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary wideo-aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Sanly ykdysadyýeti emele getirmek meseleleri bilen bir hatarda, kibersowatlylygyň ähmiýeti boýunça pikir alşyldy. Jemgyýetde kiber medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, çykyş edenler onuň tehnologiki, hukuk, sosial-psihologiki taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow; Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň baş prokurory Allamyrat Amandurdyýew; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýazpolat Keriýew; Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow; «Turkmentelekom» EAK-nyň Internet tehnologiýalary merkeziniň programma üpjünçiligini döretmek we goldamak bölüminiň programmisti Annageldi Hydyrow; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň müdiri Berdimyrat Orazow we Içeri işler ministrliginiň wekili Merdan Ýagşyýew çykyş etdiler.
Duşuşyk Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
«Sanly dünýä: Ýaşlar Ösüş. Geljek» atly onlaýn-okuw maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ýardam bermäge gönükdirildi. Şeýle hem bu çäre talyplary we zähmet çekýän ýaşlary sanly ulgam boýunça milli kanunçylyk binýady bilen, şol sanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlarynda maglumatlary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny has içgin tanyşdyrmak maksady bilen, bilim berijilik häsiýetine eýe boldy.