Русский
Habarlaşmak

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan täze, belent wezipeler barada çykyş etdiler.

Häzirki döwürde ylymda täze pikirler kemala gelýär, tehnologiýalar özgerýär, täze sanly hyzmatlar durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň işläp düzýän täze sanly çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär.

Maslahata gatnaşan aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz gezeginde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de ýokary hilli, elýeterli we özboluşly täze sanly çözgütleri işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işleri giň gerim bilen dowam etdirip, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdiler.