Русский
Habarlaşmak

Etrek stansiýasyndan ýükleri daşamak üçin ýeňillikli tariflar

 «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyza gerek import gelýän ýükleri multimodal gatnawlarda amala aşyrmak hem-de demirýol gatnawlarynyň gerimini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 

Türkiýe Respublikasy dünýäde esasy eksport ediji ýurtlaryň biri bolmak bilen, ýurdumyza gelýän ýükleriň birnäçe bölegi Türkiýe Respublikasyndan import edilýär. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan bu gatnawlary döwletimiziň iň esasy logistika merkezleriniň biri bolan Etrek stansiýasynyň üsti bilen amala aşyrmaklygy hödürleýär. Türkiýe Respublikasyndan demirýol wagonlary arkaly Etrek stansiýasyna getirip, ýükleme-düşürme işlerini ýerine ýetirmek bilen Aşgabat şäherine awtoulaglar arkaly multimodal görnüşde ugradylýar. Bahalar bilen içgin tanyşyp bilersiňiz.