Русский
Habarlaşmak

«PostShop» marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «PostShop» internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Indi «PostShop» müşderilerine önümi görüp we eltilmegine garaşmazdan, dessine satyn almaga şerti üpjün etdi. Bu, esasanam, satyn almasy gyssagly bolan harytlaryň söwdasy üçin oňaýlydyr.

«PostShop» dükany önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär: hojalyk tehnikalary, kompýuter tehnikasy üçin enjamlar, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümler.

Geljekde dükanyň assortimenti kanselýariýa we hojalyk himiýa serişdeleri bilen giňeldiler.

 


Täze dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi,39 A jaý.

Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri — sagat 9:00-dan 20:00-a çenli.

«PostShop» marketpleýsi harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine

ibermegi üpjün edýär. Harytlar satyn alnanda nagt we nagt däl

görnüşde bank karty arkaly töleg geçirip bolýar.

Mundan başga-da, ulanyjylara amatly bolmagy üçin,

«PostShop» mobil goşundysy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi.

Marketpleýs barada has giňişleýin maglumatlary (+993 65) 72 89 52

telefon belgisi arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz.