Русский
Habarlaşmak

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Oňa ýurduň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly çäre bilen ugurdaşlykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we döredijilik däplerini beýan edýän sergi hem guraldy. Onda amaly-haşam sungatynyň önümleri, türkmen taryhynyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanynyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik medeni mirasyny we taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy nygtalýan kitabyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Şeýle-de täze kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek we wagyz etmek babatda döwlet Baştutany tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidigi biragyzdan bellenildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň bardygy aýratyn nygtaldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine ýetirildi.