25 Mart, 2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky utgaşdyryjy platformany döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz Belgiýa Patyşalygy we Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglaryny, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny, uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdanda guruljak desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary, awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary döwrebap şertlerde ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz B.Annaýewi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklap, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz B.Annaýewe täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem dabaraly bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Türki dünýäniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda guraljak dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterer.
Hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak babatda başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.