19 Mart, 2024
20 ýyldan soňra Apple ID-ni üýtgetmek kararyna geldi

Apple Amerikan korporasiýasy Apple ID hasaba alyş ýazgysynyň adyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. Ol “Apple hasaba alyş ýazgysy” diýlip atlandyrylar.
Täze at eýýäm ulanyşa girizildi. Meselem, Apple-iň balans görmek üçin niýetlenen Apple ID saýtynda görmek bolýar.
Apple-iň rebrendingi 2024-nji ýylyň ahyrynda iOS 18 we macOS 15 operasion ulgamlaryň çykmagy bilen amala aşyrjakdygyna garaşylýar.
Apple ID Apple-iň AppStore, iCloud we Apple Music ýaly hyzmatlaryna birikmek üçin ulanylýar. Apple ID-iň üsti bilen ekoulgamyň içinde, enjamlaryň arasynda Apple hyzmatlarynyň işi utgaşdyrylýar.
https://orient.tm/tm/post/69978/20-yyldan-sonra-apple-id-ni-uytgetmek-kararyna-geldi