16 Mart, 2024
Bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy tämiz saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalaryň töweregini uzak möhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramagyň doly derejeli durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär.
Soňky ýyllarda paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň iri ilatly nokatlary pürli, ýaprakly we miweli baglar bilen gurşaldy. Her ýylda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň 16-njy martynda hem, şol asylly däbimiz dowam etdirilip ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary derejede alnyp baryldy. Bu sogaply işe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasyýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligiň agzybir işgärleri-de işjeň gatnasyp edra binamyzyň töwergine ýene-de onlarça düýp agaç nahallary oturdylyp öňküleriň üsti ýetirildi. Şeýle-de edara-binamyzyň daş-töwreginde hem ykjam arassaçylyk işleri geçirildi.