10 Mart, 2024
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde «Hekim Nyzamy Genjewini ýatlama» atly dabara geçirildi

9-njy martda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda «Hekim Nyzamy Genjewini ýatlama» atly Nyzamy Genjewä bagyşlanan dabara geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen dabara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Eýran Yslam Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boyunça geñeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, hormatly myhmanlar, Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda Nyzamy Genjewiniň döredijiligi barada belläp:
«Pars edebiýatynyň asmany ýedi ýagty ýyldyz bilen yşyklandyrylan bolsa, şühbesiz, bu ýedi ýagty parlak ýyldyzyň biri «Nyzamy Genjewidir».
Nyzamy Ferdöwsini öz ussady we ýolbeledi hasaplaýardy. Onuň häzirki wagtda hemmeleriň dilinde sena bolan hoşniýetlilik we sahawatlylyk hakynda gymmatly sözleri bar. Hekim Nyzamy Genjewi şübhesiz pars nusgawy edebiýatynyň berk sütünlerinden biridir. Öz ussatlygy bilen öz stilini we öz usulyny döretmegi başaran Ferdöwsi we Saady ýaly beýik şahyrlaryň arasynda orun eýeleýär. Doktor Zabihillah-e-Safa «Gänj-e-Sohän» atly gymmatly işinde Nyzamy Genjewiniň orny barada şeýle ýazdy:
«Nyzamy şübhesiz pars poeziýasynyň musulman ussatlaryndan biridir. Ondan öň pars dilinde hekaýa ýazarlar bar bolsa-da, bu goşgy görnüşini pars dilinde iň ýokary derejesine ýetiren ýeke-täk şahyr Nyzamydyr».
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Nyzamy Genjewi barada taýýarlanan wideo şekiller görkezildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenleriň ählisi hijri senenamasynyň altynjy, miladynyň XIII asyrynda ýaşap geçen pars dilli şahyr Hekim Nyzamy Genjewi, onuň döreden dürdäne eserleri, ömri we döredijiligi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda dürli çykyşlar degişme sahnalary, aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijilerine ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Onuň ahyrynda myhmanlara Eýran milli tagamlary we süýjülikleri hödürlenildi.
Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň 1-nji gatynda pars dili öwrenijileriň «Nyzamy Genjewiniň goşgulary» temasynda kalligrafiýa hat ýazuwynda ýerine ýetiren diwarlyklary sergide ýerleşdirildi.