9 Mart, 2024
Iki aýda 37 medal: türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri

Türkmen türgenleri 2024-nji ýylyň iki aýynda — ýanwar-fewral aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda jemi 37 medala (10 altyn, 9 kümüş, 18 bürünç) mynasyp boldular.
Bu barada 1-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow tarapyndan beýan edildi.
Bu netije ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek we türgenleri Olimpiýa oýunlary, Aziýa hem dünýä çempionatlary ýaly iň möhüm ýaryşlara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan netijeli işleriň beýanydyr.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda yglan edilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Hünär kämilleşdirmek we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlary amala aşyryldy.