7 Mart, 2024
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň nobatdaky konteýner otly düzümi

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi ýükleriň Russiýa bilen Pars aýlagyndaky ýurtlaryň arasynda çalt we üznüksiz üstaşyr geçmegini üpjün etmegini dowam edýär.
Ýurdumyzyň demirýol pudagynda konteýner operatory bolan “Türkmenistanyň Ulag Logistika merkezi” AGPJ bilen Russiýa Federasiýasynyň “RŽD Logistika” ulag kärhanasynyň bilelikdäki işleri esasynda nobatdaky konteýner otly düzümi Russiýa Federasiýasyndan gaýdyp, ýurdumyzyň Serhetýaka serhet geçelgesinden girip, jemgyýetimiziň 20-nji şahamçasynyň Etrek ýük howlusynda giň demir ýoldan dar demirýol wagonlaryna ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp, Bender abbas portunyň üsti bilen Hindistan döwletine tarap ugradyldy.
Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşmagynyň möhüm gurallaryna öwrüldi. Türkmenistan bu çäreleri herekete getiriji hökmünde öz çäklerinde yklymyň iň möhüm logistika merkezleriniň birini kemala getirýär.