6 Mart, 2024
“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Duşuşyk “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A. Atamyradowyň we “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Z.G.Narzullaýewiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar geçen ýylyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky berilýän ýeňillikli nyrh meselesi ara alyp ylalaşyldy.
Mundan başga-da gepleşikleriň netijesinde taraplar ýurtlaryň arasynda demir ýol ulaglary arkaly eksport-import ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, logistika geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.
Taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň oňyn ösüşini goldadylar we mundan beýlägem hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak tejribesini dowam etdirmek barada karara geldiler.