6 Mart, 2024
Etrek stansiýasynda nobatdaky täze konteýner otly düzümi

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol gatnawlarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär. Bilinişi ýaly Jemgyýetimiz, bu ugurda 2022-nji ýylyň 3-nji çärýeginden başlap, Russiýa – Hindistan/BAE/Saud Arabystany we yzyna ugurlarda ýurdumyzyň üstaşyr ýük gatnawlarynyň uly mümkinçiliklerini Sarahs we Etrek serhet demirýol geçelgeleri arkaly ulanyp gelýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Etrek stansiýasynda nobatdaky täze konteýner otly düzümini kabul edip, olary giň koleýadan dar koleýa geçirmek bilen Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (Bender Abbas porty) ugry boýunça deňiz gatnawlary arkaly Hindistana barar.