27 Ýanwar, 2024
Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň alyp barýan esasy işleriniň bir hem demir ýollaryň abatlygyny we elmydama ulanyşa ýarawlylygyny saklamakdan ybarat bolup durýar. Bu ugurda agentligiň Ýol we desgalar edaralarynyň zähmet söýer işgärleri öz mynasyp goşantlaryny goşýar. Aýdylanlara mysal edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Ýol we desgalar edaralarynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça uly ösüşlere ýetendigini görkezmek bolar. Ýagny aralyk bejergi işlerini ýerine ýetirmekde 129,5%, göterme bejergi işlerini ýerine ýetirmek boýunça 198,6%, geçirijileri çalyşmak işlerini ýerine ýetirmek boýunça 148%, relsleri çalyşmak işini ýerine ýetirmek boýunça 128,5%, demir ýol geçelgelerini düýpli bejermek işlerini ýerine ýetirmek boýunça 108,7% ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Ýol we desgalar edaralarynyň alyp barýan işleri ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmekde möhüm ugur bolup durýar. Bu ugurda biziň ýurdumyzyň tagallalary baş maksada – kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilendir. Bu işleriň ýaýbaňlanmagy babatda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!