5 Mart, 2024
Elektrik energiýasy bilen işleýän uçar

Hytaýyň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji uçary «AG60E»-niň synag uçuşy amala aşyryldy. Kiçi göwrümli howa gämisiniň sagatdaky tizligi 218 kilometre ýetýär. Ýurduň awiasiýa senagaty edarasy (AVIC) tarapyndan uçaryň Siande şäherindäki howa menzilinde ilkinji uçuşyny amala aşyrandygy habar berildi.
Bilermenler uçuş wagtynda howa gämisiniň motor we elektron gözegçilik ulgamy, batareýasy, elektrik ulgamlary ýaly ýerlerini synagdan geçirdiler. Ýeňil sport uçary hasaplanýan «AG60E» AVIC-iň garamagyndaky «Tongfei Yema» kompaniýasy tarapyndan dizaýn edilipdir. Uzynlygy 6,9 metr,
ganatynyň gerimi 8,6 metr bolan uçar
3 müň 600 metre çenli belentlige galyp bilýär. Elektrouçar benzin bilen işleýän «AG60» atly uçardan nusga alnyp ýasalypdyr.