4 Mart, 2024
Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty, owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda duşenbe güni türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady.
Serginiň açylyş dabarasyna türkmen hökümediniň agzalary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergide Owganystana wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezýärler.
Serginiň çäklerinde geçirilýän türkmen-owgan işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri özara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirýärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň dolanyşygyny artdyrmakda, owgan kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu serginiň ähmiýeti uly bolar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň we owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde bu ýerde göçme birža söwdalaryny geçirýär.