4 Mart, 2024
Türkmenistanda internet sahypalarynyň sanyny köpeltmek boýunça işler amala aşyrylýar

1-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Şeýle-de ozal habar berşimiz ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.