3 Mart, 2024
Geljekki adamlar üçin kapsula görnüşli jaýyň nusgasy tanyşdyryldy

Innowasiýa tehnologiýalar eýýamynyň ýene bir uly açyşy: «ONCO» kapsula görnüşindäki jaýlar bilen tanyşdyryldy. Içerki minimalizmi söýýänler bu jaýy hökman gowy görerler.
Jaýyň dizaýny Antoniel Felaiýne degişli bolup, onuň daşynda ýa-da içki tarapynda ýiti burçlar ýok. Jaýyň gündelik durmuş üçin zerur zatlary: ýatylýan otag, aşhana, hajathana we myhman hem-de dynç alyş otaglary bar. Jaýyň dizaýny ylmy fantastiki filmleriň ruhunda ýasaldy.
Kapsula jaýy daşardan kiçijik görünse-de, mebel seýrek ulanylýandygy sebäpli içeri rahat we giňdir. Penjireleri reňklenendir.