2 Mart, 2024
Umumy serhediň çäklerini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde serhet çäklerini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy guraldy. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen habarda duşuşygyň toparyň alyp barýan işleriniň dowamyna öwrülendigi öz beýanyny tapýar. Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Duşuşykdan soň bu ýerde degişli Teswirnama gol çekildi.
Taraplaryň şu mesele boýunça hukuk we tehniki resminamalaryň taslamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy tamamlaýandyklary ozal habar berlipdi. Uzynlygy 1650 km bolan türkmen-özbek serhediniň kanuny taýdan resmileşdirilmegi baradaky gepleşikler Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana bolan döwlet saparyndan soň başlanypdy.
Şol günden bäri iki ýurduň hünärmenleri umumy serhediň aýratyn böleklerinde meýdan howa suratlaryny we topografiki-geodeziki işleri alyp barýarlar.
«Daryo» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, serhediň iki tarapynda hem goňşy ýaşaýan milletleriň wekilleri bar. Habarda Türkmenistanda etniki özbekleriň (takmynan 300 000), Özbegistanda bolsa türkmenleriň (200,000 töweregi) ýaşaýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, Aşgabat we Daşkent iki ýurduň goňşy çägini — Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyny we Özbegistanyň Horezm sebitini öz içine alýan serhetaşa söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar.