28 Fewral, 2024
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, demirýol pudagynda üstaşyr, import, hem-de eksport ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle hem goňşy döwletlerinden gelýän wagonlaryň ýurdumyzyň çäginden geçiş wagtlaryny çaltlandyrýar.

Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, hususan-da ulag pudagynda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan esasy taslamalarynyň biri üstaşyr geçirilýän ýükleriň we täze ýükleriň mukdaryny, hem-de bäsdeşligiň ukybyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan, Türkmenistanyň demirýol pudagynda üstaşyr, import hem-de eksport ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle hem goňşy döwletlerinden gelýän wagonlaryň ýurdumyzyň çäginden geçiş wagtlaryny çaltlandyrmakda birnäçe işler alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň fewral aýynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan üstaşyr geçýän wagonlar bellenilen günler we sagatlar boýunça daşalmagy ýola goýuldy.
Ugry: Sarahs – Farap
Ýük otlusy, Sarahsdan Farap üstaşyr ugry boýunça serhet geçelgesine çenli 35 sagatda geçdi.
Ugry: Farap – Sarahs
Ýük otlusy, Farapdan Sarahs üstaşyr ugry boýunça serhet geçelgesine çenli 17 sagat 38 minutda geçdi.
Ugry: Farap – Türkmenbaşy
Ýük otlusy, Farapdan Türkmenbaşy deňiz porty üstaşyr ugry boýunça 50 sagat 30 minutda geçdi.
Ugry: Serhetýaka – Serhetabat
Ýük otlusy, Serhetýakadan Serhetabat üstaşyr ugry boýunça serhet geçelgesine çenli 60 sagat 30 minutda geçdi.
Ugry: Etrek – Serhetýaka
Ýük otlusy, Etrekden Serhetýaka üstaşyr ugry boýunça serhet geçelgesine çenli 17 sagat 45 minutda geçdi.