27 Fewral, 2024
Awtoulag eksporty 47 göterim artdy

Awtoulag önümçiliginde we eksportynda dünýäniň öňdebaryjy ýurdy hasaplanýan Hytaý bu senagata has köp maýa goýum goýýar. Ýurt öndürilen ulaglary eksport etmek üçin täze ugurlar döredýär.
Awtoulag senagatyndaky ornuny barha berkidýän Hytaýyň eksporty ýylyň birinji aýynda 47,4 göterim artypdyr. Ýurduň awtoulag öndürijileri bileleşiginiň maglumatyna görä, ýanwar aýynda 369 müň ýolagçy, 74 müň täjirçilik maksatly ulag satylypdyr. Şeýlelikde, jemi 443 müň awtoulag daşarky bazarlara iberilipdir. Eksport edilen ulaglaryň arasynda täze energiýaly (elektrik, gibrid we wodorod) ulaglaryň artyşy 21,7 göterim bolup, 101 müňe ýetipdir.
Hytaý geçen ýyl jemi 4,91 million awtoulag eksport edip, bu ugurda Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäde birinji bolupdyr.
Hytaýly kompaniýalar daşary ýurtlarda hem awtoulag zawodlarynyň gurluşygyny alyp barýarlar.