Русский
Habarlaşmak

Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Hünärim bar—hormatym bar» diýen at bilen gelin-gyzlaryň bäsleşigini geçirýär. Bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşar.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň birinji tapgyry agentlikleriň hem-de degişli edara-kärhanalaryň derejesinde ýaýbaňlandyryldy. Agentlikleriň hem-de edara-kärhanalaryň bäsleşikleriniň ýeňijileri ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýeňijileri kesgitlejek jemleýji bäsleşik tanyşlykdan (gulluk lybaslarynda 3 minutlyk çykyş), alyp barýan wezipelerini görkezmek boýunça çeper çykyşdan, milli el işlerini ýerine ýetirmekden, türkmen zenanlarynyň milli köýneklerini gadymy biçüwde, täzeçe öwüşginde, döwrebap keşde, basma, pugtama we ş.m. el işleri bilen bezelen nusgada görkezmekden hem-de milli şaý-seplerimizde moda görkezmekden ybarat bolar.