6 Noýabr, 2026
Maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda ýanwar – oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 101,9 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime deň boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 101,4 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,1 göterime barabar boldy.