6 Noýabr, 2026
Türkmenistan bilen Awstriýanyň demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda ministr Mämmet Akmämmedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars Fuksyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa Awstriýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Etýen Berhtold hem-de «Liebherr» kompaniýalar toparynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda demir ýol ulaglary ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Ministr Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän düzümi täzelemek we ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
«Liebherr» bilen ýöriteleşdirilen tehnikalary we enjamlary getirmek, tehniki hyzmaty ösdürmek, sanly çözgütleri ornaşdyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Öz gezeginde, Awstriýa tarapynyň wekilleri Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, tehnologiýalar we tejribe alyşmak boýunça bilelikde işlemegiň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen tarapy anyk taslamalary kesgitlemek we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministi M. Akmämmedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni bilen mynasybetli Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri : baglanşyk we ösüş – 2026 (ITTC 2026) ulag geçelgeleriniň, logistikanyň, sanly infrastrukturanyň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan bu halkara formuna we sergisine Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristina Şwars Fuksyň ýany bilen gelen işewirleri gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk we işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.