30 Oktýabr, 2026
Türkmen wekiliýeti COP17-niň ýokary derejeli segmentine gatnaşdy

Türkmenistan 27-28-nji oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy. Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetine daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
19 — 30-njy oktýabr aralygynda geçirilýän maslahat biologik köpdürliligi saklamak we ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we tebigaty goramak ugrynda iş alyp barýan düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.
Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde köpçülikleýin ýetilen sepgitleri bahalandyrmak, şeýle hem ekoulgamlary goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýaramazlaşan topragy dikeltmek we tebigaty goramagy maliýeleşdirmek mehanizmlerini ösdürmek COP17-niň esasy wezipesi bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmaklygy milli başlangyçlary öňe sürmekde möhüm ädim bolup durýar. Türkmenistan Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýedir. Ýurtda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasaty tebigaty goramagy kämilleşdirmäge, aýratyn goralýan tebigy çäkleri ösdürmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek duşýan görnüşlerini gorap saklamaga, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmeklige gönükdirilendir.