Русский
Habarlaşmak

Aşgabadyň demir ýol menzilinden zyýarat otlusy ýola düşer.

Aşgabat ― Köneürgenç ― Aşgabat ugry boýunça ýolagçylaryň demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etmekleri üçin has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler toplumy bolar.
      Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşyp bilerler.
      Mundan başgada, syýahatçylar üçin Beýik Ýüpek ýolunyň belli bir bölümlerini geçmek üçin mümkinçilikler dörär.
     Syýahat otlynyň Aşgabat şäheriniň demir ýol menzilinden ugrajak wagty 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry bolup, biletleriniň satuwy boýunça Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassalaryna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.