25 Sentýabr, 2026
DABARALY ÇÄRE

Düýn 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň degişli Permany laýyklykda,mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna mynasybetli zähmetde tapawutlanan Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärlerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Permany okaldy, soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.A.Annaýew tarapyndan sylaglanýan raýatlara medallar gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy.
Dabaraly çäräniň ahyry ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy bu gün ýurdumyzyň çar künjünde belentden-belent ýaňlanýar. Elbetde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty sanardan, wasp ederden juda köpdür. Ýurdumyz diňe parahatçylykda ösüşlerden-ösüşlere barýar. Bularyň ählisi halkymyz üçin eşret hem bagt,buýsanç hem mertebe. Bizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.