19 Sentýabr, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.