29 Iýul, 2026
Demir ýol ulaglary ministrliginde möhüm ähmiýetli maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ata Watanymyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Halk maslahaty – beýik tutumlaryň başlangyjy» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler türkmeniň müňýyllyklardan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň gymmaty, häzirki ähmiýeti hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Hakykatdan-da, ata-babalarymyz iň jogapkärli, iň çylşyrymly meseleleri paýhasly maslahat, özara düşünişmek we agzybirlik arkaly çözüpdirler. Hut şonuň üçin hem türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde maslahatlaşmak diňe bir däp bolman, eýsem, milletimiziň ruhy baýlygynyň, jebisliginiň hem-de döwletliliginiň mizemez sütünleriniň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde bu mukaddes ýol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi arkaly döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ata Watanymyz, mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Onuň öňüsyrasynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň öňünde duran geljekki wezipeler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň derwaýys meseleleri, gysgaça aýdanymyzda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler babatda geňeşerler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.