Türkmen-täjik ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Sylap Nurberdiýewiň ýolbaşçylygynda «Täjigistan demir ýollary» döwlet kärhanasynyň başlygynyň orunbasary Karimzoda Rajabmurodyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda myhmanlar mähirli garşy alnandyklary üçin hoşaldyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem duşuşygyň maksadyna laýyklykda türkmen-täjik ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary köpugurly şekilde has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapynyň iler tutýan ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler. Şonuň bilen baglylykda, ýük dolanyşygy, nyrh syýasaty ýaly ençeme meseleler boýunça özara pikir alyşdylar.