16 Iýul, 2026
Tbiliside Gruziýanyň we Türkmenistanyň demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.
Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gruziýanyň resmi wekilleri hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti saparyň dowamynda Gruziýanyň döwlet ýolbaşçylary bilen ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirer. Şeýle hem saparyň çäginde Türkmenistan — Gruziýa işewürlik maslahaty we ýurdumyzda öndürilen önümleriň göçme sergisiniň geçirlmegi meýilleşdirilýär we bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara hil taýdan täze itergi bermegine, işewürlik düzümleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ilerledilmegine garaşylýar. Agzalýan göçme sergisinde Türkmenistanyň Demir ýol ministrliginiň göçme diwarlyklary bu sergä aýratyn öwşgin berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk bolup geçdi.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy. Iki ýurduň demir ýol pudagynyň arasynda saparlaryň we gepleşikleriň esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.
Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi ähli ugurlarda durnukly ulag ýollaryny döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär-diýip taraplar nygtadylar.Türkmenistan, öz gezeginde, Prezidentimiz hormatly Serdar Berdimuhammedow tarapyndan işewür gatnaşyklary ösdürmek we ýurduň ulag we logistika mümkinçiliklerini ulanmak boýunça yglan edilen syýasatyna eýerip, beýleki ýurtlar bilen mümkin boldugyça giň hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr we ähli ugurlarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda deňhukukly, ynamdar dialogy doly goldaýandygyny M.Akmämmedow aýratyn belledi.
Demir ýol ulaglarynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ýük daşamak möçberlerini artdyrmak üçin, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi we “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň we Gruziýanyň içinde ýük daşamak üçin amatly nyrh şertlerini döretmek maksady bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigi barada durup geçdiler.
Häzirki wagtda, türkmen we gruzin logistika hünärmenleriniň yhlaslarynyň netijesinde, "Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkiýe-Ýewropa CASCA+" we tersine halkara multimodal geçelge çalt depginde ösýändigi, iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda yzygiderlilikde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýändigi, ýük daşamaklygy güýçlendirmek we giňeltmek üçin degişli çäreler durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.
Häzirki güne çenli, Türkmenistanyň we Gruziýanyň demir ýollarynyň arasynda ähli ugurlarda işjeň işler we ýakyn hyzmatdaşlyk dowam edýär. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky eksport we import demir ýol gatnawlaryny artdyrmak, logistika geçelgelerini ösdürmek we ýurtlarymyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Özara peýdaly hyzmatdaşlygymyzy, esasanam demir ýol ulagy we logistika ulgamynda has-da berkitmek üçin köpugurly mümkinçiliklerimiziň bardygyny bellemek isleýärin hem-de bu mümkinçiliklerden doly peýdalanylmalydyrys. Türkmenistanyň umumy bähbitlerimize hyzmat edýän däp bolan türkmen-gruzin syýasy, ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmegi maksat edinýändigini nygtamak isleýärin-diýip Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow belläp geçdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gruziýanyň demir ýol ýük daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygy uly oňyn netijeleri görkezdi. Halkara ulag gatnawlaryna iň gysga mümkinçilik berýän täze ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi bäsdeşligi ýokarlandyrar we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrar.-diýip taraplar bellediler.
Taraplar bu duşuşygyň ulag we logistika gatnaşyklaryna täze dinamiki itergi berjekdigine we Aziýadan Ýewropa ýük dolanyşygyny artdyrmaga, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe ylalaşyklary gazanmaga goşant goşjakdygyna umyt bildirdiler.
Iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylary öz gezeklerinde iki döwletiň Baştutanlaryna demir ýol ulgamynda berýän ýardamlary üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler, birek-birege üstünlik arzuw etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.