TÜRKMENISTANYŇ ULAG-ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERI KUWWATLANÝAR

Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň ösüşini ulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpli ulag ulgamyna uly üns we gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek, täze howa, demir, awtomobil ýollaryny we geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulag gatnawynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Biziň ýurdumyz hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, ulag ulgamyny ösdürmek ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bu günki gün ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüžldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerine eýedir.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy ýurdumyzyň çäginden geçen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine esaslanýar. Häzirki wagtda döwletimiz bu gymmatly mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli ulag-üstaşyr hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän gysga guryýer ugruny açýar.

Ulag geçelgeleriniň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan anyk hereketleri amala aşyrmak arkaly gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ugrunda uly tagallalary edýär. Bu isleg Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Şu ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Bu täze awtoban ägirt uly ulag-logistika taslamasy bolmak bilen, milli ulgamlary halkara ulag geçelgelerine birleşdirip, olary sebit merkezleri bilen baglanyşdyrýar. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda boldy. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, deňiz ýoly arkaly Eýrana, Pars aýlagyna, Russiýa, Kawkaza, Ýewropa çykmaga mümkinçilik döreder.

Mälim bolşy ýaly, ýokary tizlikli awtomobil ýollary halkara ulag ulgamynda möhüm orun eýeleýär, ýurtlary ählumumy logistika ulgamyna birleşdirýär, üstaşyr gatnawlary çaltlaşdyrýar we ykdysady netijeliligi ýokarlandyrýar. Olar esasy ykdysady merkezleri Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça birleşdirýär, syýahat wagtyny azaldýar we ýük daşamagyň bökdençsizligini üpjün edýär. Şunda harytlaryň tiz daşalmagy ulag çykdajylaryny azaldýar we sebitara söwdanyň ösmegine itergi berýär. Şeýle hem häzirki zaman awtomobil ýollary şäher içindäki dyknyşygy azaldýar we netijeli gatnawy üpjün edýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň giňeldilmegi ykdysady ösüşe we sebitleýin baglanyşygyň gowulanmagyna goşant goşýar. Awtobanlar tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýedir. Olaryň esasy aýratynlygy — ol diňe ýokary tizlik üçin niýetlenendir. Şonuň üçin bu ýollaryň gurluşygynda beýleki awtomobil ýollary bilen kesişmezligi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kabul edilen Milli maksatnamalarda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdelerini goýýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga, täze üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdirilen.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, bu ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda dünýä döwletleri Türkmenistanyň üsti bilen öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirip bilmek babatda mümkinçiliklerine möhüm gyzyklanma bildirýärler. Şunda ýurdumyz Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň agzybirligi bilen bir hatarda berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerini we iri kompaniýalaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge höweslendirýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty bu işleriň öňe ilerlemegine giň ýollary açýar.

Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ösdürmeklik maksady bilen 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz gatnawyna hem işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, demirgazyk ugurda Russiýanyň üsti bilen Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak mümkinçiligine eýedir.

ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzi «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrylýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy zynjyry hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna hem aýratyn üns berýär. Türkmenbaşy şäherinde iri halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm maýa goýumy boldy. Munuň netijesinde, diňe bir ýurdumyzyň öz deňiz flotyny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ondan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga däl, eýsem daşary ýurt gämilerine hyzmat etmekligiň hil derejesini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we üstaşyr geçirmeleriň hem möçberini ýokarlandyrmaga hem şert döredi.

Umuman, ýokary tizlikli awtomobil ýollary häzirki zaman global ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýän netijeli üstaşyr we ulag merkezlerini döretmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Munuň özi iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini has-da artdyrmak bilen, ýurdumyzy dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam berýär.