Şu gün tomus möwsüminiň başlanmagy bilen Diýarymyzda çagalaryň medeniýetli dynç almaklary, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur alyp olaryň saglyk ýagdaýyny berkitmek, dürli bäsleşikleri gurnap olaryň heniz ýaşlykdan zehinleriniň ýüze çykyp, özlerine geljekde ugur saýlamaga we ol ugur boýunça ilerlemäge itergi bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi dynç almaga barýan çagalaryň ilkinji tapgyryny aýdym-saza beslenip, milli tans toparlanynyň, şeýle hem multifilm gahrymanlarynyň täsirli çykyş etmekleri bilen dabaraly ýagdaýda mähirli garşy aldy.
Soňra, dürli öwüşginli ösümlikleriň, janly tebigatynyň biodürliligi bilen haýrana goýýan, howasy melhem kimin Gökdere jülgesiniň kenar ýakasynda gurlup ulanylmaga berlen kaşaň «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralan döredilen ähli şertler, guralan dürli çäreler bilen tanyşdylar.