Demir ýol ulaglary ministrliginde ýanwar – maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Şu gün, ýagny 6-njy iýunda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda ýanwar – maý aýlarynda Ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.

Maslahatyň dowamynda wise-premýer B.Annaýew degişli pudak ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, gözegçilik edýän düzümlerine mundan beýläk-de has hem jogapkärçilikli çemeleşmelidigini nygtap, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tabşyryklaryny ýetirdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy ýaly öňde durýan maksatlary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.