Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. Has dogrusy, ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagy netijesinde zerur bolan ýokary hilli tehnikalar bilen üpjün edilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň ýakyn hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň paýly gatnaşygynda döredilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, ýük gatnawlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, «CKD9A-1» kysymly üç bölekli täze ýük teplowozlary satyn alnyp Türkmenistana getirildi.

Täze teplowoz paýtagtymyzyň Demir ýol menzilinde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Oňa ak sakgally ýaşulylar, kümüş saçly enelerimiz we pudagyň degişli hünärmenleri, şeýle hem talyp ýaşlar – ýaş demirýolçular gatnaşdylar.

Täze döwrebap ýük teplowozlary häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen, olarda ýükleriň uly möçberde we uzak aralyklara daşalmagyna uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem, demir ýol ulaglary pudagyna gelip gowşan täze ýük teplowozlary «polat kuwwatynyň» güýjüne has-da goşant goşup, ýük otlulary daşamakda özüniň ýokary iş öndürijiligi bilen tapawutlanyp, ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmat etjekdigine häzirden güwä geçse bolar.

Demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.