25 Fewral, 2024
Prezident ýurduň howdanlarynda suw toplamak işlerine uly üns bermegi tabşyrdy

23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygy barada aýdyp, wise-premýer T.Atahallyýewe ýurduň howdanlarynda suw toplamak işlerine uly üns bermegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda we ýurduň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de tohumlyk gowaça çigitleriniň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň dowam edýändigi, ilaty ýurtda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hem bellenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine möhüm ähmiýet bermegiň, bu işleri agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny nygtady.