Русский
Habarlaşmak

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zaman ulaglar ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän iri möçberli hem-de uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyryp, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Şeýle-de halkara ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we dürli ulag ýörelgelerini durmuşa geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp kararnamalar kabul edildi. Bu kararnamalaryň esasynda Türkmenistanda, sebitde we Ýewraziýa giňişliginde uly taslamalar durmuşa geçirilip başlandy.

Ýene-de sanlyja günden, ýagny 13-14-nji maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermere beslenen türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň

Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçiriler. Bu mejlis oňa gatnaşyjylarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyna düşünmäge giň mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde gadymyýetde Gündogary — Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda örän amatly ýerleşen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmäge oňat mümkinçilikleri döredýändigine ýene bir ýola ünsi çeker.

Türkmenistanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirjek transmilli ulag geçelgeleriniň gurulmagy ulag ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary hem-de maksatlary bilen şertlendirilýär.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky mejlis ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ulag meselesi boýunça netijeli gepleşikleriň zerurlygyny tassyklaýar. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan bu ýokary derejeli we möhüm ähmiýetli mejlisiň Türkmenistanda geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň we döredijilikli başlangyçlarynyň halkara guramalary tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.