Русский
Habarlaşmak

Üstünlikler sergilendi

Gözel paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 14 – 16-njy apreli aralygynda geçirilen «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk forumy we sergisi guraldy. Sergide degişli ministrlikleriň, hususy jemgyýetleriniň we daşary ýurt iri kompaniýalarynyň pawilýonlarydyr diwarlyklary ýer aldy.

Giň gerime eýe bolan sergide ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň pawilýony gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çünki onda toplumyň degişli pudaklarynda ösüşiň häzirki belentlikleri giňden şöhlelendirilipdir. Şonuň bilen baglylykda milli demir ýol ulaglary pudagynyň ýakyndan hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň, awtomobil ulaglary pudagynyň ýakyn hyzmatdaşy bolan «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasynyň, aragatnaşyk pudagynyň ýakyn hyzmatdaşy bolan «Huawei Technologies Co., Ltd.» kompaniýasynyň, şeýle hem beýleki degişli kompaniýalaryň diwarlyklary uly gyzyklanmadan peýdalandylar.