Русский
Habarlaşmak

Duşuşyk guraldy

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Hytaý Halk Respublikasynyň «China Harbour Engineering Company Ltd» kompaniýasynyň resmi wekiliýeti bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri, şeýle hem degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň barşynda «China Harbour Engineering Company Ltd» kompaniýanyň prezidenti Dong Yan, mähirli garşy alnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhmanlar ilki bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýady bolan, ýagny Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna gyzyklanma bildirip, ygtybarly hyznatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny bellediler. Şeýle hem türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk işjeň hyzmatdaşlyk arkaly hasda berkitmek babatda pikir alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda myhmanlara Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.