Русский
Habarlaşmak

ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNY ÖSDÜRMEK

Döwlet ähmiýetli uly üstünlikler bilen jemlenen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Watanymyzyň senenamasyna ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi.  Bu strategik pudakda alnyp barylýan işler dürli ugurlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  tarapyndan binýady goýlan milli ulag strategiýasy asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek çemelesmesine esaslanýar. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ulag geçelgesi Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzda hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala asyrylýar. Bu çäreleriň ählisi halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde döwletimiziň  ornuny pugtalandyrýar. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän baslangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldil ýändi giniň aýdyň mysalydyr.

Logistikanyň maksady – önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.