Русский
Habarlaşmak

Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň/ wise-prezidentleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň/Wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Gurama agza we synçy döwletleriň hökümet baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmegiň, söwdanyň, maýa goýumlarynyň, sanly ykdysadyýetiň, energetikanyň we durnukly ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türki döwletleriň arasynda ykdysady integrasiýany has-da çuňlaşdyrmak, bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, şeýle hem senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar özara goldawy berkitmegiň, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň we özara söwdanyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew öz çykyşynda umumy taryhy-medeni ýakynlyga, däplere we özara ynamyň esasynda türki döwletleriň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň ähmiýetini nygtady. Halkara howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýum özara gatnaşyklaryny, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, şeýle hem ulag-logistika düzümini kämilleşdirmäge, şol sanda «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgelerini, Transkaspi we Lazurit ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem energetika hyzmatdaşlygyň strategik orny, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini üpjün etmegiň zerurlygy, şeýle-de türki döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen medeni-ynsanperwer özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bellenilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde köptaraply özara gatnaşyklary has-da berkitmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen degişli çözgütler kabul edildi.

Baku şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň/Wise-prezidentiniň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi doganlyk türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek ýolunda möhüm ädim boldy.

Şeýle hem, şol gün ertirine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň/Wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti türki ýurtlaryň agzybirligini has-da berkitmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýum özara gatnaşyklaryny we ulag-logistika mümkinçiliklerini, şol sanda Orta we Transkaspi geçelgelerini ösdürmegiň möhümdigini belledi.