Русский
Habarlaşmak

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly ählumumy halkara sergi açyldy

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly ählumumy halkara sergi açyldy. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar, dostluk, doganlyk we ynam ýörelgeleri ählumumy ösüşiň esasynda ýatan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawynyň kemala gelmegine gönüden-göni hyzmat edýär. Edil şonuň üçin hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklary ýola goýup, planetanyň durnukly ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek we halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Watanymyzda giň gerimli döwlet maksatnamalary, milli we sebit ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen ileri tutulýan wezipeleriň biri hem daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlara laýyklykda hukuk binýady kämilleşdirilýär, daşary ýurtly maýadarlar üçin ýeňillikleri we kepillikleri göz öňünde tutýan amatly maýa goýum gurşawy döredildi. Atly halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly ählumumy halkara sergi hem gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, ýerli hususy haryt öndürijileriň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gönükdirilendir. Giň gerimli ekspozisiýada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 100-e golaý iri kärhanalary özleriniň täsirli diwarlyklaryny görkezip, gatnaşýarlar.

Däp bolşy ýaly, ählumumy serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary hem-de işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly ählumumy halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlyk özygtyýarly döwletimiziň ykdysadyýetini dünýä standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Edil şonuň üçin hem Türkmenistanda halkara derejeli sergiler, ylmy maslahatlar we işewürlik duşuşyklary giňden geçirilýär. Bu bolsa daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Şu gezekki halkara serginiň hem täze hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki işe gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigine garaşylýar.

Bellesikli zat, ählumumy gözden geçirişe gurluşyk industriýasynda işleýän köp sanly kompaniýalar we kärhanalar gatnaşýar. Bu bolsa, bütin Türkmenistany gurşap alan beýik özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalara we taslamalara gatnaşmaga ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürler jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ulanylmaga berlen iri senagat kärhanalary, köp sanly durmuş-medeni we önümçilik maksatly binalar Watanymyzda amala aşyrylýan reformalaryň üstünlikli bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýär.

Şähergurluşyk ulgamyndaky gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň At gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilikli zehini ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlylygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýän giň gerimli gurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar.

Munuň iň gowy mysaly bolsa, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheridir. Kanunçylyk derejesinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan smart-siti ýerli we dünýä şähergurluşygynyň görnekti gazanylyşydyr. Bu şäher döwrebap binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň we sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşmasynyň nusgasy bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Sergä gelenlerde Türkiýe Respublikasynyň köp sanly kompaniýalarynyň diwarlyklary we pawilýonlary uly gyzyklanma döretdi, olaryň arasynda elektrogurluşyk enjamlaryny, yşyklandyryş gurallaryny, kabel önümlerini, alýuminiý, santehnika, kauçuk we beýleki gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalar bar. Birnäçe kompaniýalar köp gatly binalar üçin liftleri öndürmek, suwy arassalamak, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny gurnamak, şeýle hem demir we polat enjamlaryny işläp düzmek baradaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Hytaý Halk Respublikasynyň onlarça kompaniýalary hem elektrogurluşyk enjamlaryny we gurluşyk materiallaryny, senagat we gurluşyk konstruksiýalaryny eksport etmäge gyzyklanma bildirip, öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler. Şeýlelikde, bu ýerde agaç we mebel önümçiligi bilen meşgullanýan, binalar üçin dürli bezeg we howpsuzlyk serişdelerini öndürýän, «akylly» şäher gurşawy üçin täze çözgütleri hödürleýän kärhanalar bar. Sergide hytaý önümi bolan döwrebap awtomobilleriň görnüşleri we şäher hojalygy üçin niýetlenen kuwwatly tehnikalar bilen ýakyndan tanyşmak bolýar.

Azerbaýjan, Awstriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa, Italiýa, Russiýa, Özbegistan we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary ýelejiretme ulgamlary üçin enjamlary, elektrodwigatelleri, panelleri we beýleki senagat önümlerini öndürmek, asfalt zawodlaryny gurmak, kärhanalary we şäherleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, şeýle hem awtomobil hyzmatlary ulgamyndaky mümkinçiliklerini görkezdiler.

Ählumumy halkara sergä gelen köp sanly myhmanlar gurluşyk senagatynda üstünlikli işleýän ýerli hususy telekeçileriň diwarlyklaryny aýratyn gyzyklanma bilen synladylar.

Mälim bolşy ýaly, gurluşyk materiallaryny öndürmek pudagy döwlet tarapyndan giňden goldanylýar we ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmekde hem-de ýerli ilaty iş bilen üpjün etmekde esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda degişli kärhanalar halkara hil standartlaryna laýyk gelýän importyň ornuny tutýan önümleriň dürli görnüşlerini, şol sanda sement, diwar panellerini, gowşurylan bloklary, keramzit, taýýar demirbeton önümlerini, bişen kerpiç, örtük plitalaryny we başga-da köp sanly önümleri öndürip, yzygiderli giňelýän içeri gurluşyk bazaryny bu harytlar bilen üpjün edýärler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen köp sanly binagärlik binalary, häzirki zaman dolandyryş binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary we iri senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň gurluşygynda bildirilýän talaplara laýyklykda, ýerli iklim şertlerine we ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk materiallary ulanylýar.

Importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçilik mukdaryny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, içeri bazary ýerli çig mal esasynda öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hilli we bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmak maksady bilen, pudagyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär, döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär.