Русский
Habarlaşmak

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary geňeşiniň 84-nji mejlisi geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 83-nji mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Geňeşiň nobatdaky, 84-nji mejlisi 13–14-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde (Türkmenistan) geçiriler.

Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň demir ýol edaralarynyň wekilleri, şeýle hem çagyrylan bilermenler we degişli ugurdaş guramalaryň wekilleri gatnaşar. Mejlisiň dowamynda demir ýol ulagynyň işleýşi we ösüşi bilen bagly möhüm meseleler, şeýle-de pudakdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.