Русский
Habarlaşmak

Ýanwar we fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.

 

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 126,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 113,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 113,2 göterime deň boldy.