Русский
Habarlaşmak

DABARALY ÇÄRE GURALDY

Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň dürli ýerlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralyçäreler geçirilýär. Şu gün şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda geçirildi. Dabara demir ýol ulaglary ulgamynda zähmet çekýän zenanlar we ministrligiň edara ýolbaşçylarynyň birnäçesi gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen bu çärede demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedow çykyş edip, pudakda zähmet çekýän gelin-gyzlary ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Olaryň öý-ojaklarynyň abadan, abat bolmagyny, ýeňil bolmadyk işlerinde bolsa üstünlik arzuw etdi. Soňra pudagyň zähmetsöýer gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary we ter gül çemenleri gowşuryldy. Onuň yzysüre möhüm ähmiýetli çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

8-nji mart Halkara zenanlar güni – bu diňe bir baýramçylyk güni däl, eýsem zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna, olaryň zähmetine, söýgüsine we mährine goýulýan beýik sarpadyr. Bu gün dünýä ýüzünde zenanlara hormat goýulýar, olaryň hukuklary, üstünlikleri we jemgyýetdäki hyzmatlary aýratyn bellenilýär. Zenan – maşgala ojagynyň ýylylygy, jemgyýetiň gözelligi, Watanyň guwanjydyr. Ene hökmünde ol perzent terbiýeleýär, mugallym hökmünde ýaş nesli bilimli edýär, lukman hökmünde saglygy goraýar, işgär hökmünde ýurduň ösüşine goşant goşýar. Şonuň üçin hem zenanlaryň hormaty hemişe belentdir.